Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow VI halkara Gaz kongresiniň we onuň bilen bagly halkara serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady

00:5719.05.2015
0
3770

Hormatly halkara Gaz kongresine we sergä gatnaşyjylar! 
Gadyrly dostlar!

Sizi Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresiniň we onuň bilen bagly halkara serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Türkmenistan nebitiň we gazyň, şeýle hem beýleki mineral serişdeleriň gorlary boýunça dünýäde iň öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Biz tebigy baýlyklarymyzy, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplaýarys. Şeýle hem ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek ýörelgesinden ugur alyp, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň häzirki zaman toplumyny döretmegi maksat edinýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny buýsanç bilen bellemek isleýärin.

Biz energetika syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde tebigy gazy halkara bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak babatda uly işleri amala aşyrýarys. Şeýlelikde, goňşy we alysdaky döwletlere türkmen «mawy ýangyjynyň» iberilişiniň ugurlary giňeýär we möçberleri artýar.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň, umumadamzat ösüşiniň, deňhukukly gatnaşyklaryň, ynanyşmagyň, esasan hem, parahatçylygyň hatyrasyna hyzmat etjek energiýa serişdelerimizi eksport etmegiň gerimini geljekde hem tapgyrma-tapgyr giňelderis.

Hormatly kongrese we sergä gatnaşyjylar!

Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginlerini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara Gaz kongresiniň we bu çärä bagyşlanan serginiň uly ähmiýeti bardyr.

Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistan baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda geljekde-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Gaz pudagyny ösdürmek, şeýle hem nebithimiýa we gazhimiýa önümçiligini doly ýola goýmak, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bu ugurlarda özara bähbitli sebit we dünýä derejesindäki halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek — bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmäge, dünýäde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Häzir Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna durnukly, ygtybarly we uzakmöhletleýin esasda çykarmak üçin turba geçirijileriň köpugurly ulgamlaryny döretmek we bu ugurda täze halkara şertnamalaryny baglaşmak, ýangyç-çig mal serişdelerini iberijiler üçin hem, sarp edijiler üçin hem bähbitli peýdalanmak ýaly hyzmatdaşlygyň deňhukukly esaslaryna uly ähmiýet berýär.

Şu gezekki halkara Gaz kongresinde Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça anyk garaýyşlaryň beýan ediljekdigine, teklipleriň öňe sürüljekdigine berk ynanýarys. Sebäbi, tutuş Aziýa sebitinde parahatçylygy berkitmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat etjek bu taryhy taslamanyň amala aşyrylmagynyň ähmiýeti örän uludyr.

Häzirki döwürde eziz Watanymyzyň çäginde gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýan «Gündogar—Günbatar» gaz geçirijisiniň örän uly ähmiýeti bardyr.

Ýurdumyzyň günorta-gündogaryndaky «Şatlyk» gaz ýatagyndan gözbaş alyp gaýdýan bu gaz geçirijisi Mary, Ahal, Balkan welaýatlarynyň çäklerinden geçip, Hazaryň golaýyndaky Belek şäherçesine barar. Ýurdumyzyň iri gaz ýataklaryny bir bitewi ulgama birikdirip, türkmen topragyndaky «mawy ýangyjy» dünýä bazarlaryna islendik ugur boýunça eksport etmäge oňaýly şert döretjek bu taslama ýakyn wagtlarda tamamlanar.

Hormatly myhmanlar! Gadyrly dostlar!

Sizi türkmen topragynda geçirilýän VI halkara Gaz kongresiniň we şu çäre bilen baglanyşykly guralýan halkara serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Dünýä tejribesini paýlaşmakda, Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini aýdyňlaşdyrmakda, özara hyzmatdaşlyga maýa goýumlaryny çekmekde, bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu halkara Gaz kongresiniň we onuň bilen bagly geçirilýän halkara serginiň işiniň netijeli boljakdygyna berk ynanýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň