Soňky habarlar

Arhiw

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Kazan sirkinde çykyş eder

11:4728.10.2022
0
13490

Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Kazan sirkindäki çykyşyny guramak meselesi Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew we Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministri A.W.Pesoşin bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Tatarystandaky Baş konsuly 28-30-njy noýabrda Tatarystan tarapyny «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala gatnaşmak üçin Türkmenistana baryp görmäge çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda Baş konsul ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleler, şol sanda IT tehnologiýalary, bilim we medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Şeýle-de taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegi üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýip, Kazandaky Türkmen Baş konsullygynyň web sahypasyna habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň