Soňky habarlar

Arhiw

«Dragon Oil» Türkmenistanda çykarýan nebitiniň mukdaryny her gün 60 müň barrele çykarmagy meýilleşdirýär

15:4827.10.2022
0
15065

«Dragon Oil» kompaniýasy Türkmenistanda bir gije-gündizde çykarýan nebitiniň mukdaryny 60 müň barrele çykrar. Bu barada kompaniýanyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Jarwan «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda aýtdy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2022» halkara sergisine we maslahatyna gatnaşan myhman kompaniýanyň 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

«Biz hormatly Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakynda Şertnamamyzyň möhletini 2035-nji ýyla çenli uzaltmaga rugsat berendigi üçin sagbolsun aýdýarys. Munuň özi degişli Şertnamamyzyň üstüne goşmaça 13 ýyllyk kepillik berilýändigini alamatlandyrýar. Şol ýyllaryň dowamynda biz gymmatly nebit çig malynyň gorlaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça işimiziň depginini has-da ýokarlandyrmagy, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmagy maksat edinýäris» diýip, myhman geljekki maksatlary barada gürrüň berdi.

«Dragon Oil» Türkmenistan bilen, hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserni bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykaryp, onuň miwesini görmäge uly gyzyklanma bildirýär. «Dragon Oil» türkmen jemgyýetiniň bir bölegine öwrüldi diýsek hem hakykatdan daş düşmeris. Kompaniýanyň Türkmenistanda ýörite iş merkezi bolup, ol işgärleriň bilimdir başarnyklaryny kämilleşdirmäge goşant goşýar we dürli hyzmatlary hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň