Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Sada suwuň» şireleri we içgiler türkmen bazarynda üstünlik gazanmagyny dowam edýär

11:1726.10.2022
0
19113

«Sada suw» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň öňdebaryjy tebigy miwe şirelerini öndürijileriniň biridir, kärhana öz önümlerini ýurdumyzyň ähli künjeklerine ýerleýär.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki azyk harytlar dükanlarynyň we supermarketleriniň tekjelerinde şetdaly, alma, apelsin, käşir, pomidor, şeýle hem üzüm, ýežewika, zirk we beýleki miwe şirelerine duş gelmek bolýar. Şeýle hem «Sada suw» «Halk market», «Kämil» ýaly meşhur dükanlar zynjyrlary, «Şazada», «Şerbet», «Paýtagt» we «Ruhubelent» ýaly supermarketler bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.

Ýakyn günlerde «Elle», «Ilkent» şireleriniň hem-de «M5» we «Oba» haryt nyşanly gazly içgileriň «Ynamdar», «Giper», «100haryt» we beýleki onlaýn söwda meýdançalarynda satuwyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

«Sada suwuň» şireleriniň we içgileriniň hili Türkmenistanyň hil sertifikaty bilen tassyklanandyr.

«Sada suwuň» hödürleýän önümleri bilen has içgin tanyşmak üçin sosial ulgamlardaky sahypasy, şeýle hem (+993 12) 41 36 33 we (+993 12) 41 37 33 telefon belgileri boýunça ýa-da sadasuw84@mail.ru elektron salgysyna hat ýazmak arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň