«Standart Hyzmat» konsalting kompaniýasynyň maslahatçylary Pars aýlagynyň ýurtlary tarapyndan durmuşa geçirilýän «Halal» standartyny ulanmagyň düzgünleri boýunça geçirilen okuw sapaklaryny üstünlikli geçdiler.
Bu ugurdaky hünär tejribelerini ýokarlandyrmak bilen, kompaniýanyň hünärmenleri Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy kärhanalaryna «Halal» standartyny ýola goýmak hem-de sertifikatlaşdyrmak babatda ýardam bermek hyzmatlaryny hödürleýärler.
Arap diline degişli bolan bu «Halal» düşünjesi Yslam dininde rugsat edilýän diýen manyny berýär. Ol gadagan ýa-da rugsat berilmeýän diýen manydaky «Haram» düşünjesine garşydaş manydadyr. «Halal» nyşanly önümler Yslam dininiň kada-kanunlaryna laýyklykda, arassa bolup, gadagan bolan goşundylary asla özünde jemlemeýär.
«Halal» nyşany köplenç et önümleri we süýt, konserwirlenen, goşundy önümleri ýaly beýleki azyk önümleri babatda sertifikatlaşdyrylýar. Şeýle hem oňa kosmetika, hyzmat merkezleri, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, syýahatçylyk, oba hojalygy we şu hili başga zatlar hem degişlidir.
Bu sertifikatlaşdyrmanyň zerurlygy bolsa içerki bazaryň howpsuz we ýokary hilli önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak hem-de türkmen öndürijileriniň önümlerini dünýäniň «Halal» bazarynda tanatmakdan ybaratdyr.
Haýsy görnüşli önümleriň hökmany «Halal» sertifikatlaşdyrmasyny geçmelidigi babatdaky sowalyňyza bolsa kompaniýanyň bu ugurdaky tejribeli hünärmenleri jogap berýär.
Häzirki wagtda 1-nji noýabra çenli bu musulman standartyny ornaşdyrmak üçin ýüz tutan ilkinji üç kärhana hyzmatlar 80 — 100%-e çenli arzanladyşly ýetirilýär.
«Standart Hyzmat» kompaniýasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Bagtyýarlyk-9 köçesi, 1-nji gat.
- Telefon belgileri: (+993 65) 71 81 86;
- IMO hasaby: (+993 64) 19 86 68;
- Elektron poçtasynyň salgysy: info@standarthyzmat.com
Şeýle-de okaň: