Soňky habarlar

Arhiw

«Standart Hyzmat» işewürlige ISO standartlaryny ornaşdyrmaga we netijeliligi ýokarlandyrmaga ýardam edýär

15:1418.08.2022
0
10121

«Standart Hyzmat» kärhanasy Türkmenistanyň telekeçilerine işewürligiň netijeliligini, bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de ösüşini ýokarlandyrmak üçin ISO halkara standartyny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

«Standart Hyzmat» kärhanasy 2016-njy ýyldan bäri sarp ediş önümlerini, söwda, oba hojalygy, ulag we logistika hem-de beýleki köp sanly harytlary öndürmekde ýöriteleşen hususy kompaniýalara, şeýle-de döwlet edaralaryna üstünlikli ýardam edýär.

Dolandyryş ulgamyny girizmek bilen kärhana müşderilere dürli hili işewürlik amallaryny, şol sanda şu hili hyzmatlary ýetirýär:

  • Önümçilik we guramaçy;yk işlerini optimizlemek;
  • Önümiň netijesiniň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak;
  • Ýurduň içindäki satuwy artdyrmak hem-de täze müşderileri tapmak;
  • Daşary ýurt bazarlaryna çykmak;
  • Resmi sertifikatlaşdyrma guramalaryndan halkara standartlaryna laýyklyk şahadatnamalaryny almak.

Bu ugurda amala aşyrylan işleriň netijeleri bilen kärhananyň resmi saýtyndaky «Taslamalar» bölümçesine girip has giňişleýin tanyşmak bolýar. Kärhananyň portfoliosy bu ýerde ýokary hilli hyzmatlaryň, işewürlik amallarynyň ýerine ýetirilýändiginden habar berýär.

«Standart Hyzmat» Türkmenistanyň içerki bazarynda ýokary netijeliligi gazanan we önümlerini GDA ýurtlaryna we daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýän kärhanalara degerli maslahatlary berýär. Bu hyzmatlaryň hatarynda konsalting kärhanasynyň hünärmenleri kärhanalara daşky gurşawy goramak, saglyk we howpsuzlyk, azyk howpsuzlygy hem-de işgärleriň ýazgylaryny dolandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ýerlikli çözmekde ýardam berýärler. Mundan başga-da, kärhana işewürlik amallarynda ynamly çözgütleri kabul etmekde we öndürijiligi ýokarlandyrmakda zerur bolan okuwlary geçirýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Bagtyýarlyk köçesiniň 9-njy jaýy, 1-nji gat;
  • IMO hasaby: (+993 64) 19 86 68;
  • Telefon belgileri: (+993 65) 71 81 86;
  • Elektron poçta salgysy: info@standarthyzmat.com
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň