Soňky habarlar

Arhiw

«Standart hyzmat» oba hojalyk önümçiligi üçin Global G.A.P. ygtyýarnamaly maslahatçylaryň hyzmatyny hödürleýär

09:1816.09.2022
0
25237

«Standart hyzmat» maslahat beriş kärhanasy müşderileri azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, işçileriň saglygyny we daşky gurşawy goramaga ýardam berýän Global G.A.P halkara standartynyň talaplaryny ýerine ýetirmek üçin öz maslahatçylarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrýar.

Häzirki wagtda Global G.A.P. dünýä ýüzünde oba hojalygynyň önümlerini sertifikatlaşdyrmagyň iň giň ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şonuň üçin bu ülňüleriň talaplaryny ýerine ýetirýän kompaniýalaryň halkara bazarynda tapawutly artykmaçlyklary bolup, olaryň oba hojalyk önümlerine uly isleg bildirilýär.

Global G.A.P tarapyndan ygtyýarnamasy bolan Türkmenistandaky alty maslahatçynyň üçüsi «Standart hyzmat» kärhanasynyň hünärmenleridir. Bu barada kärhananyň resmi saýtynda hem habar berilýär.

Kärhananyň maslahatçylary hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, birnäçe okuwlary we onlaýn okuw sapaklaryny üstünlikli geçdiler. Synaglaryň netijelerine laýyklykda bolsa, olar Global G.A.P. Farm Assurer Fruits&Vegetables guramasy tarapyndan ygtyýarnama berlen maslahatçylar diýlip tassyklanyldy.

Şunuň bilen birlikde, ýakyn geljekde «Standart hyzmatyň» hünärmenlerini GlobalG.A.P. standartynyň maldarçylyk we suw hojalygy ýaly beýleki ugurlarynda hünär taýdan taýýarlamak meýilleşdirilýär.

«Standart hyzmat» kärhanasy şeýle-de halkara ISO standartlaryny ýola goýmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen, Türkmenistanda müşderileriň şahsy isleglerine jogap bermek bilen birlikde dürli ugurlarda gysga möhletli okuwlary guraýar. Kärhananyň maslahatçylarynyň işiniň netijesi içerki we halkara bazarlarda işewürligiň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Bagtyýarlyk köçesi 9-njy jaý, 1-nji gat;
  • IMO hasaby: (+993 64) 19 86 68;
  • Telefon belgileri: (+993 65) 71 81 86;
  • Elektron poçta salgysy: info@standarthyzmat.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň