Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Ahal» «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi

23:5819.10.2022
1
12358

Türkmenistanyň futbol çempionagtynyň 15-nji tapgyrynyň çäginde «Aşgabatdaky» «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» «Nebitçini» 5:1 hasabynda ýeňdi.

Ýeňiji topardan 13-nji minutda Resul Hojaýew, 25-nji minutda Şöhrat Söýünow, 42-nji minutda Elman Tagaýew, 53-nji minutda Şanazar Tirkişow, 85-nji minutda bolsa Ata Geldiýew dagylar tapawutlandylar. «Nebitçiniň» goluny 7-nji minutda Röwşen Begjanow geçirdi.

«Ahal» 15 duşuşykda toplan 41 utugy bilen ýaryş tertibiniň başyny çekmegi dowam edýär. 8 utukly «Nebitçi» ahyrky basgançakda barýar.

«Ahal» indiki duşuşygyny 23-nji oktýabr güni «Altyn asyr» bilen geçirer. «Nebitçi» bolsa şol gün «Şagadamy» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň