Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«S7 Airlines» Türkmenistana yzygiderli gatnawlary gaýtadan dikeltdi

09:2917.10.2022
0
42879

Türkmenistandan Russiýa pandemiýa sebäpli ara düşen iki ýyla golaý arakesmeden soň ilkinji halkara awiakompaniýa — «S7 Airlines» uçuşa başlady.

Şeýlelik bilen, 17-nji oktýabrdan - duşenbe gününden başlap, awiakompaniýa Airbus A320 howa gämisinde Moskwa — Türkmenbaşy — Moskwa ugry boýunça yzygiderli uçuşlary gaýtadan dikeltdi.

Uçuşlar hepdede bir gezek — duşenbe günleri amala aşyrylar.

S7 3237 gatnawy Moskwadan ýerli wagt bilen sagat 3:30-da ugrar. Gaýdyşyn S7 3238 gatnawy Aşgabat wagty bilen sagat 10:05-de Türkmenbaşydan ugrap, Moskwa wagty bilen sagat 11:35-de gonar. Uçuşyň dowamlylygy, takmynan, 3,5 sagat bolar.

Uçuşlaryň tertibi bilen Domodedowo howa menziliniň resmi web sahypasynda «Uçuşlaryň möwsümleýin tertibi» («Сезонное расписание») bölüminde, petekleriň bahalary we gatnawyň şertleri bilen bolsa awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Mundan öň Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasynyň 25-nji oktýabrdan Embraer E195 uçarynda Minskä yzygiderli gatnawlara başlajakdygyny habar beripdik. Uçuşlar Türkmenbaşydan iki hepdede bir gezek — sişenbe günleri amala aşyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň