Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow CICA-nyň I derejeli ýubileý medaly bilen sylaglandy

20:0116.10.2022
0
20514
Serdar Berdimuhamedow CICA-nyň I derejeli ýubileý medaly bilen sylaglandy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň öňüsyrasynda, Astanada Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň (CICA) VI sammiti geçirildi. Sammitiň barşynda, Prezident Serdar Berdimuhamedowy bu maslahaty ösdürmek işinde ajaýyp hyzmatlary we gymmatly goşandy üçin, «Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň 30 ýyllygy» diýen I derejeli ýubileý medaly bilen sylaglamak barada çözgüt kabul edildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, munuň özi möhüm ähmiýetli waka boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň