Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana sapar bilen çagyrdy

17:1215.10.2022
0
19706
Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana sapar bilen çagyrdy
Surat: akorda.kz

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Akorda» köşgündäki ikiçäk hem-de giňişleýin düzümdäki duşuşyklardan soň metbugat wekilleri üçin brifing geçirdiler. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugyna salgylanyp, «Kazinform» habar berdi.

Brifingde gazak Lideri çakylygy kabul edendigi we Türkmenistanyň Prezidenti weziepesine girişenden soň, ilkinji gezek döwlet sapary bilen Astana gelendigi üçin, Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi. Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň dostlukly ýurtdugyny, medeniýetiň, diliň, diniň we däp-dessurlaryň, umumy taryhyň ýakynlygy bilen baglanyşykly möhüm we ygtybarly hyzmatdaşdygyny aýtdy.

«Halklarymyzyň umumy türki kökleri bar. Biz elmydama birek-biregi goldaýarys. Bu gymmatlyklar biziň esasy baýlygymyzdyr. Şonuň üçin dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak biziň umumy borjumyzdyr» diýip, Tokaýew belledi.

Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki tarap üçinem möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny, halkara we sebit gün tertibi boýunça pikir alyşmalaryň geçirilendigini, Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilip, birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekilendigini aýtdy.

«Gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berýärin. Bu gün gazak-türkmen gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini ýene bir gezek tassykladyk we doganlyk halklarymyzy has ýakynlaşdyrmak babatdaky ikitaraplaýyn ymtylyşlarymyzy ýüze çykardyk» diýip, doganlyk ýurduň Baştutany belledi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti hem öz gezeginde Gazagystanyň Liderine myhmansöýerligi hem-de mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we gepleşikleriň aç-açan hem-de birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçirilendigini aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow şu gün geçirilen gepleşikleriň netijelerini kanagatlanma bilen belläp, Gazagystanyň Prezidentini özüne amatly wagtda Türkmenistana döwlet saparyna çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň