Soňky habarlar

Arhiw

Putin Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren teklipleriniň möhümdigini belledi

19:4514.10.2022
0
27335
Putin Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren teklipleriniň möhümdigini belledi
Surat: kremlin.ru

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Gazagystanyň Astana şäherinde «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammiti geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem çykyş etdi.

Sammitden soň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Rus Lideri žurnalistiň «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitiniň Russiýa üçin ähmiýeti we onuň dowamynda öňe sürlen garaýyşlaryň netijeleri baradaky sowalyna jogap berende, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan beýan edilen teklipleriň örän möhümdigini belledi. Bu barada www.kremlin.ru habar berýär.

Hususan-da, Russiýanyň Prezidenti şeýle diýdi:

— Häzirki wagtda Russiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda özara söwdanyň mukdary ýokarlanýar we öňki ýyllar bilen deňeşdirilende has çalt depginde ösýär.

...Ýene-de bir bellemeli zat, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Bütindünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Russiýa bilen bu ugurda köptaraplaýyn, ýagny Merkezi Aziýa görnüşinde hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegiň möhümdigini aýtdy. Şoňa görä-de, biz hyzmatdaşlarymyz üçin gyzyklanma bildirilýän ähli taslamalar boýunça bilelikde işlemäge hemişe taýýardyrys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň