Soňky habarlar

Arhiw

Astanada türkmen-singapur gepleşikleri geçirildi

18:3714.10.2022
0
23550

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Gazagystan Respublikasyna birnäçe çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde, Singapuryň Premýer-ministriniň edarasynyň ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti, şeýle hem ozal amala aşyrylan saparlaryň netijeliligi bellenildi.

Taraplar halkara ähmiýetli we ikitaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlygyň, hususan-da bilim, oba hojalyk, ulag ulgamy, maýa goýum, energetika, nebit we himiýa ugurlaryndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, häzirki zaman tehnologiýalar ulgamynda özara tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine hem seredildi. Şeýle hem iki ýurduň işewürler toparlarynyň özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň