TÝL ― 2022: 14-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

11:0213.10.2022
0
18351

14-nji we 15-nji oktýabrda Mary, Türkmenbaşy we Aşgabat şäherlerinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler. Bu tapgyrdan soň möwsümiň deň ýarysynyň tamamlanjakdygyny ýatladýarys.

Ertir ― 14-nji oktýabrda «Energetik» «Köpetdagy», «Şagadam» «Merwi», «Altyn asyr» bolsa «Nebitçini» kabul eder. Tapgyr 15-nji oktýabrda geçiriljek «Ahal» ― «Aşgabat» duşuşygy bilen tamamlanar.

14-nji tapgyryň duşuşyklary:

14.10.2022 ý. (anna)
«Energetik»«Köpetdag»
Geçirilýän ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.)
Başlanýan wagty: 16:15
Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

«Şagadam»«Merw»
Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Başlanýan wagty: 16:30
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

«Altyn asyr»«Nebitçi»
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)
Başlanýan wagty: 16:15
Duşuşygyň emini: A.Begnazarow (Mary ş.)
Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

15.10.2022 ý. (şenbe)
«Ahal»«Aşgabat»
Geçirilýän ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 16:00
Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: W.Boluýans (Türkmenabat ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň