Soňky habarlar

Arhiw

Nikol Paşinýandan Serdar Berdimuhamedowa gutlag haty geldi

07:4813.10.2022
0
14990

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýandan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty geldi

Türkmen metbugatynda habar berlişi ýaly, dostlukly ýurduň Premýer-ministri öz hatynda türkmen döwletiniň Baştutanyny Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýar.

«Şu döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklar kemala geldi. Halklarymyzyň arasynda taryhy taýdan emele gelen dostluk we özara hormat goýmak ýörelgeleri geljegi uly maksatnamalary netijeli durmuşa geçirmek üçin berk binýatdyr» diýip, Premýer-ministr Nikol Paşinýan gutlag hatynda belleýär.

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglygyny we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň