Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär

23:5610.10.2022
0
14729

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Forumyň açylyş dabarasyna Hökümetiň, Milli Geňeşiň agzalary, Türkmenistandaky diplomatik gulluklaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýolbaşçylary, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny diňlediler.

Şu ýyl bu sergä dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we harç ediş serişdelerini, tebigy kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän daşary ýurt kompaniýalaryň 150-den gowragy, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan, Litwadan, Latwiýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Fransiýadan, Italiýadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Belgiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Koreýadan, Hindistandan, Pakistandan, Tailanddan, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan kompaniýalar gatnaşýar. Olaryň arasynda türkmen lukmanlarynyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary «Seda Medical», «PHILIPS», «VICH», «OMEGA», «Horiba», «Olympus», «Elekta», «Fujinon», «B. Braun», «Aesculap», «Leica Microsystems», «SANDOZ», «AGFA», «Canon», «Roche», «Zimmer», «Bego», «Bionorica», «Siemens», «Sanofi», «Laboratoire innotech international», «Pentax», «Takeda», «Astellas», «Askin and Co», «Santo» ýaly başga-da köp sanly kompaniýalar bar.

Halkara sergide Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, ýurduň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri we ägirt uly kuwwaty, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary öz beýanyny tapýar.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy hem guraldy.
Şu ýylky sergide Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem öz gazanan üstünliklerini görkezýär. Bu ýerdäki diwarlyklar hem-de wideoşekiller myhmanlary ýurtda sanly bilimiň yzygiderli ösdürilişi bilen tanyşdyrýarlar.

Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bölümindäki monitorda bolsa Türkmenistanda halkyň saglygyny pugtalandyrmak, raýatlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň açylyşy boldy.

Daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň ady belli alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropadaky edarasyndan we BMG-niň Çagalar gaznasyndan (ÝUNISEF) wekiller türkmen kärdeşlerini hünär baýramy bilen gutladylar hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň BSGG-niň standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine, şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.

Halkara ylmy maslahatyň işi ertir Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda — Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada, Ýokanç keselleri merkezleriniň müdiriýetinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýünde, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde hem-de Aşgabatdaky ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň, ylmyň, saglygy goraýşyň we sportuň 14 ugry boýunça dowam eder. Olarda «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek», «Ýokanç keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek», «Enäniň we çaganyň saglygyny goramak», «Hirurgiýa keselleri», «Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa», «Sanly lukmançylyk», «Genom lukmançylygy» mowzuklary boýunça pikir alşylar.

Şu gün «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ýöriteleşdirilen forumyň çäklerinde Garaşsyzlyk seýilgähindäki «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti hem boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň