Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Üzüm» kafesi şäheriň islendik ýerine nahar eltip bermegi guraýar

09:5508.10.2022
0
16436

Aşgabatda özboluşly meşhurlyga eýe bolan «Üzüm» kafesi paýtagtyň ýaşaýjylaryna tagamnamasyndaky dürli hili naharlary şäheriň islendik ýerine we şäheriň çetki etraplaryna eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmagy hödürleýär.

«Üzüm» kafesinden ýewropa, türk, aziýa aşhanalarynyň esasy, şeýle hem seýrek iýilýän, adaty bolmadyk datly tagamlaryny sargyt edip bolýar. Mundan başga-da, kafede tiz tagamlaryň, çörek önümleriniň, wegetarian tagamlarynyň we gazly hem-de gazsyz içgileriň köp dürli görnüşleri bar.

Bu ýerden kofe we süýjülikleri irden sagat 8:00-dan 22:00-a çenli, gyzgyn naharlary bolsa sagat 9:00-dan 22:00-a çenli sargyt edip bolýar. Eltip berme hyzmatynyň tölegi bolsa salgynyň uzaklygyna baglydyr.

Milli naharlary we daşary ýurtlaryň tagamlaryny öýüňize ýa-da ofisiňize sargyt etmek kiçiräk dabaralary guramaga-da mümkinçilik berer, şeýle-de wagtyňyzy we güýjüňizi tygşytlar. Munuň kepili bolsa, bu naharlary «Üzüm» kafesiniň tejribeli aşpezleriniň taýýarlaýanlygydyr.

Kafeden sargyt etmek üçin (+993 12) 36 05 00, (+993 65) 71 87 20 telefon belgilerine jaň edip ýa-da sosial media ulgamy arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň