Turkmenportal logo
29.08.22
1593815938
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Üzüm» kafesi maşgala dabaralaryny guramak hyzmatyny ýerine ýetirýär

Doglan güni bellemek, has anygy bu senäni has dabaralandyryp baýram etmek ynsanlara, onda-da ýakyn hossarlarymyza ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edýär. Doglan günleri we beýleki şanly seneleri öýde, maşgala bolup bir saçagyň başynda, şonuň ýaly-da ony kafedir restoranlarda has ýakymly görnüşde bellemek bolýar.


Doglan gündür beýleki ähmiýetli maşgala dabaralaryny guramakda Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Üzüm» kafesinde müşderiler üçin ähli amatlyklar hem-de mümkinçilikler üpjün edilýär. Tejribeli aşpezleriň taýýarlaýan datly tagamlary, gyzgyn naharlar, müşderiniň islegine görä tagamnamada bolmadyk naharlaryň bişirilip berilmegi, şeýle-de naharlanmak we şonuň bilen birlikde kafeniň täsin gurşawynda hem-de arassa howada gök otlara bürenip duran tebigatda dynç almak ýaly oňaýly şertler «Üzüm» kafesini maşgala çärelerini bellemek üçin iň ajaýyp ýerleriň biri hökmünde tapawutlandyrýar.


«Üzümiň» tagamnamasynda türk, Ýewropa hem-de Aziýanyň aşhanasynyň datly naharlary, şirin süýjülikler, Ýewropanyň tiz tagamlary hem-de dürli hili içgiler bar. Kafede müşderilere hödürlenilýän çörekler we bulkalar restoranyň özündäki çörek bişirilýän ýerde taýýarlanylýar.



Bu ýerde aksiýa petegini görkezen islendik müşderä kafeniň esasy menýusyndaky tagamlaryň we içgileriň 10% arzan bahadan hödürlenýändigini aýratyn bellemek gerek. Ýöne, bu aksiýa petegi kafeniň süýjülikleri, hamyrly tagamlary hem-de kofesi üçin däldir (şeýle-de aksiýa petegini sargyt etmezden öňinçä görkezmelidir).



«Üzüm» kafesiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Ç.Baýryýew köçesi (Mežlauk), 13-nji jaý («Ak Altyn» myhmanhanasynyň ýanyndaky ozalky mebel dükanynyň ýerinde). Öňünden ýer belläp goýmak üçin şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 12) 36 05 00.



Şeýle-de okaň: