Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda dowamly howa gatnawy dikeldildi, Ahalyň täze merkezinde guruljak metjidiň ýeri kesgitlenildi, Aşgabatdan Stambula we Minske uçar petekleriniň bahasy yglan edildi

11:0006.10.2022
0
36182

1. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda dowamly howa gatnawy dikeldildi. Ilkinji uçuş 5-nji oktýabrda Aşgabatdan Stambula amala aşyryldy. Aşgabatdan Stambula dowamly uçuşlar duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar. Türkiýeden Türkmenistana gaýdyşyn ugur boýunça uçarlar Türkmenbaşynyň howa menziline gaýdyp gelerler. Şu güne çenli «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýndaky Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) dowamly gatnawlary amala aşyrýar. 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabryndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Belarusa uçuşlary gaýtadan dikelder.

2. Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsullygy (Stambul şäheri) iki ýurduň arasynda dowamly howa gatnawlaryň dikeldilmegine garamazdan, türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaltmagy dowam etdirýär. Resminamalar pasportyň eýesiniň özüne tabşyrylýar. Eger ähli resminamalar talaplara laýyklykda tabşyrylsa, QR kody we uzaldylan möhüri bolan pasport bir hepdäniň içinde taýýar bolýar. Daşary ýurt pasportynyň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bellik mugt amala aşyrylýar. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlary 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylýar.

3. Türkmenistanda oktýabr aýynyň gurak we yssy boljakdygy çaklanylýar. Oktýabr aýynda Türkmenistanda ortaça aýlyk temperaturanyň kadadan biraz ýokary bolmagyna, ýagynyň mukdarynyň bolsa kadadan pes bolmagyna garaşylýar. Şeýlelik bilen, aýyň birinji ýarymynda Aşgabatda gündizine howanyň esasan + 25°… + 30° bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň käbir sebitlerinde gündelik iň ýokary temperatura + 30°… + 35° ýetip biler.

4. Gazagystan Türkmenistan bilen Hazaryň serhedi baradaky ylalaşygyň ratifisirlenmegini goldady. 5-nji oktýabrda Gazagystanyň Mažilisi Türkmenistan bilen gazak-türkmen döwlet serhedini delimitirlemek we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk bölümleriniň çäklerini aradan aýyrmak baradaky Türkmenistan bilen baglaşylan ylalaşygyň ratifisirlenmegini goldady. Mažilis tarapyndan tassyklanandan soň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşyk Gazagystanyň Senatynyň garamagyna hödürlener. Günortada Gazagystanyň döwlet serhedini delimitirlemek işini tamamlajak bu şertnama kenarýaka döwletleriň arasynda Hazar deňziniň döwlet serhetlerini kanuny taýdan kesgitleýän taryhdaky ilkinji resminama bolar.

5. Aşgabatdan Stambula we Minske uçar petekleriniň bahasy belli boldy. Aşgabat – Stambul we Aşgabat – Minsk ugurlarynda bir taraplaýyn uçuşyň bahasy 6,825 manat bolar. Aşgabat – Stambul – Türkmenbaşy ugry boýunça uçar hepdede dört gezek: duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri uçar. Aşgabat – Minsk – Türkmenbaşy ugry boýunça uçuşlar hepdede bir gezek – şenbe günleri amala aşyrylar.

6. Ahalyň täze merkezinde 5,5 müň adamlyk metjidiň guruljak ýeri kesgitlenildi. Birbada 5,5 müň adamyň namaz okap bilýän metjidiniň guruljak ýeri 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde saýlandy. Milli parlamentiň Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň taslamalary, bezeg aýratynlyklary we ýerleşiş çyzgylary bilen tanşyp, onuň binagärlik görnüşiniň täze şäheriň täze gurulýan binalary bilen sazlaşykly bolmagynyň möhümdigini, onuň ýanaşyk ýerleriniň bolsa talabalaýyk abadanlaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

7. Bangladeşde tutuş ýurt boýunça elektrik energiýasy kesildi. Ýurduň Energetikany ösdürmek boýunça Geňeşiniň habar bermegine görä, Dakkada we ýurduň beýleki sebitlerinde 140 million adam elektriksiz galdy. Näsazlygyň takyk sebäbi belli däl, diňe Bangladeşiň gündogar böleginde bir ýerlerde energoulgamda näsazlygyň dörändigi habar berilýär. Söwda nokatlary, kärhanalar we edaralar, şeýle hem ýaşaýyş toplumlary elektriksiz galýar. Elektrik üpjünçiliginiň gaýtadan dikeldiljek wagty hem belli däl.

8. 5-nji oktýabrda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon 70 ýaşady. 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Emomali Rahmona tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglygy, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlygy, Täjigistanyňdoganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

9. Futzal boýunça Aziýa Kubogy – 2022-niň ähli ýarymfinalçylary hemmesi kesgitlenildi. Ýarym finala Özbegistanyň. Ýaponiýanyň, Taýlandyň we Eýranyň ýygyndylary çykdylar. Özbegistanyň we Ýaponiýanyň ýygyndylary ilkinji ýarym finalda duşuşarlar. Ikinji ýarym finalda bolsa Taýland milli ýygyndysy Aziýanyň häzirki çempiony – Eýran topary bilen oýnar. Iki oýun hem 6-njy oktýabrda geçiriler. 8-nji oktýabrda bolsa Aziýa Kubogy – 2022-niň final we bürünç medal ugrundaky duşuşyklary geçiriler.

10. 3×3 basketbol boýunça Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylary Russiýada geçirilen halkara talyplar çempionatynda ýeňiji boldular. Türkmen basketbolçylary, Talyplar basketbol assosiasiýasynyň Superfinalynyň çäklerinde «Dostluk kubogynyň» ýeňijisi boldular. Duşuşyklar Moskwanyň «Dinamo» woleýbol meýdançasynda geçirildi. Iki gün dowam eden halkara ýaryşyna 6 sany erkekler we 4 sany zenanlar toparlary gatnaşdylar.

11. Türkmen dzýudoçylary Özbegistanda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar. dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2022-nji ýylyň 6-13-nji oktýabry aralygynda Daşkende geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga taýýarlanýar. Dört dzýudoçy Türkmenistana wekilçilik eder, olar – Hakberdi Jumaýew (60 kg), Aýbek Omirow (60 kg), Aksoltan Hojageldiýewa (48 kg) we Zulhumar Daşkinowa (63 kg). Çäre «Humo Arena» sport toplumynda geçiriler.

12. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda «Ahal» «Köpetdagy» ýeňdi. Futbol boýunça Türkmenistan çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň soňky duşuşygynda «Ahalyň» futbolçylary Aşgabadyň «Köpetdagyna» garşy ynamly ýeňiş gazandylar. Aşgabatdaky «Nisa» stadionynda geçirilen duşuşyk 4:2 hasabynda «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy. «Ahal» 12 oýundan soň 32 utuk toplap, Türkmenistan çempionatynyň sanawynda öňdeligini saklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň