Turkmenportal logo
05.10.22
2363523635
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL - 2022: "Ahal" "Köpetdagy" uly hasap bilen ýeňdi
TÝL - 2022: "Ahal" "Köpetdagy" uly hasap bilen ýeňdi

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň jemleýji oýun gününde bir duşuşyk geçirildi.


Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Ahal» «Köpetdagy» kabul etdi. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Ahal” 4:2 hasabynda üstün çykdy.


Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 32-ä ýetiren “Ahal” ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. 18 utugy bolan “Köpetdag” ýaryş tertibiniň dördünji ornunda ornaşdy.


27 hem-de 22 utukdan toplan “Altyn Asyr” bilen “Merw” toparlarynyň ikinji, üçünji orunlary eýeleýändiklerini ýatladýarys.


Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň duşuşyklary 7-njy hem-de 8-nji oktýabrda geçiriler: “Aşgabat” – “Altyn Asyr”, “Nebitçi” – “Energetik”, “Merw” – “Ahal”, “Köpetdag” – “Şagadam”.


12-nji tapgyryň duşuşygy:


“Ahal” – “Köpetdag” – 4:2


Gollar: 13 Hoşgeldi Hojowow, 38 Didar Durdyýew, 49, 55 Arslanmyrat Amanow – 23 Şamämmet Hydyrow, 65 Begenç Akmämmedow.