Arhiw

Türkmenistan Türkiýe bilen yzygiderli howa gatnawlary amala aşyrar

23:5802.10.2022
0
52005
Türkmenistan Türkiýe bilen yzygiderli howa gatnawlary amala aşyrar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 5-nji oktýabrdan Aşgabatdan Stambula göni adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrmaga başlaýar diýip, «Atavatan Türkmenistan» saýty howa gullugyna salgylanyp habar berdi.

Uçuşlar hepdede dört gezek, duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkmenistandan Türkiýä uçuşlar 2020-nji ýylyň mart aýynda wagtlaýynça togtadylypdy.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazan (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa), Minsk (Belarus) we Dubaý (BAE) ýaly şäherlere yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň