Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi we ikinji stomatologiýa merkezi gurlar, Belarus we Türkmenistan ykdysady gatnaşyklary berkiderler, Ahalyň täze merkezinde 15 km welosiped ýoly gurlar

11:3005.10.2022
0
15672
Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi we ikinji stomatologiýa merkezi gurlar, Belarus we Türkmenistan ykdysady gatnaşyklary berkiderler, Ahalyň täze merkezinde 15 km welosiped ýoly gurlar

1. Aşgabatda Stomatologiýa merkeziniň we 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumy gurlar. Desgalaryň çyzgysy we gurluşygy üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan bäsleşik yglan edildi.

2. Belarus we Türkmenistan ulag ulgamy boýunça ykdysady aragatnaşyklary we hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi meýilleşdirýärler.

3. Türkmenistanyň ýolbaşçylary Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde 15 km welosiped ýollaryny, taktil geçelge plitalaryny, «akylly» ýol yşyklaryny we beýleki döwrebap ýol infrastruktura desgalaryny gurmagy meýilleşdirýärler.

4. Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler. 8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar birleşiginiň agzalary raýatlary kanuny meseleler boýunça kabul ederler. Kabul edişlik Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:30-dan 12: 00-a çenli dowam eder: Aşgabat, Arçabil şaýoly, 150.

5. Aşgabatdaky «LC Waikiki» dükanyna güýz-gyş möwsümi üçin egin-eşik toplumlary gelip gowuşdy. Dükanda ýyly geýimleriň görnüşleri – switerler we pulowerler, penjekler, balaklar, wodolazkalar, şarflar, şeýle hem aksessuarlar hödürlenýär.

6. 2022-nji ýylda fizika boýunça «Nobel» baýragy alymlar toparyna – fransuz Alen Aspä, amerikaly Jon Klauzere we awstriýaly Anton Saýlingere gowşuryldy. Alymlar kwant mehanikasy ugrundaky gözlegler üçin bu abraýly baýraga mynasyp boldular.

7. Karl III Haýgrow rezidensiýasy üçin öz ogly şazada Uilýama ýylda kärendesine 700 müň funt töläp başlar. Şa zenany Ýelizelizaweta II ölüminden soň rezidensiýa Uels şazadasy Uilýama geçdi. Residensiýanyň umumy bahasy 345 million funta barabardyr.

8. Ilon Mask «Twitteri» öňki şertlerde satyn almak boýunça şertnamany ýapmagy teklip etdi. Ilon Mask «Twitter-iň» ýolbaşçylaryna gizlin hat iberip, şertnamany her kagyz üçin 54,20 dollar nyrh bilen ýapmagy teklip etdi. Bu mukdar aprel aýynda baglaşylan ilkinji şertnamada görkezilipdi. Şonda «Twitter-iň» umumy bahasy 44 milliard dollar diýlip hasaplanyldy. Şeýle-de bolsa, iýul aýynda Mask galp akkauntlaryň sany barada hakyky maglumaty almandygy sebäpli şertnamany ýatyrmak isleýändigini habar berdi.

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyry başlandy. 5-nji oktýabrda geçirilen oýun güni diýseň täsirli boldy: «Altyn asyr» «Merwden» üstün çydy (1: 0), «Aşgabat» sanawda iň soňky orny eýeleýän «Nebitçiden» utuldy (0: 1), «Şagadam» bolsa myhmançylykda «Energetik» bilen deňme-deň oýnady (1: 1). Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyry 5-nji oktýabrda «Ahal» – «Kopetdag» duşuşygy bilen tamamlanar.

10. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U-17) Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynyň ikinji aýlawynda 1:1 hasabynda Siriýanyň topary bilen deňme-deň oýnady. Iki tapgyr oýnandan soň, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy dört utuk toplap, «A» toparçada öňdäki orunda barýar. Döwletmyrat Annaýewiň şägirtleri indiki oýny 5-nji oktýabrda Ýaponiýanyň ýygynydysy bilen oýnarlar we 7-nji oktýabrda Iordaniýalylar bilen duşuşarlar. Duşuşyklaryň hemmesi Zarka (Iordaniýa) şäherinde geçiriler.

11. Russiýanyň «Match TV» teleýaýlymy 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ähli 64 oýnuny we pleý-off tapgyryny görkezer. Duşuşyklar holdingiň ähli tematiki ýaýlymlarynda görkeziler. Çempionat 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda dowam eder.

12. 4-5-nji oktýabra geçilýän gijede UEFA Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň sekiz oýny geçirildi. Sensasiýalardan «Barselonanyň» çykyşyna üns bermek gerek. «Inter» soňky 12 ýylda ilkinji gezek «Barselonany» ýeňdi, oýun 1-0 hasabynda tamamlandy. Häzirki wagtda kataloniýalylar kyn ýagdaýa düşdiler we olara topardan çykmazlyk howpy abanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň