Soňky habarlar

Arhiw

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Ahal welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar

10:3504.10.2022
0
28901

Ahal welaýatynyň awtomobil mekdepleri sürüjilige dalaşgärlere hünär öwretmegiň Maksatnamasyny we synaglary tabşyrmaga taýýarlamagy teklip edýär. Okuwlar türkmen we rus dillerinde, öňdebaryjy usullaryň peýdalanylmagy esasynda alnyp barylýar. Hususy awtodromynda dürli derejeli sürüjileri taýýarlamak işleri alnyp barylýar we awtoulagy dolandyrmak öwredilýär.

Awtomobil mekdepleri aşakdaky hyzmatlary hödürleýärler:

  • sapaklaryň amatly tertibi (gündizki we agşamky);
  • hünärine ussat instuktorlar;
  • her bir müşderä aýratynlykda çemeleşme;
  • okuw möwsüminiň tölegini yza süýşürmek mümkinçiligi;
  • bank karty arkaly töleg mümkinçiligi
  • okuwlayň möhleti – 2,5; 3 aý.

Sürüjilik okuwlaryna kabul edilmek üçin gerek bolan resminamalar: raýatlyk pasportynyň göçürmesi we hakykysy, lukmançylyk kepilnamasy (forma № 083), narkologdan we psihologdan saglyk hakynda kepilnama, 3x4 ölçegdäki üç sany fotosurat.

Birleşigiň awtomekdep.edu.tm resmi saýtyna girmek arkaly sahypada ýerleşdirilen zolaga öz şahsy maglumatlaryňyzy (F.A.A. ady, ýaşaýan salgysy, telefon belgisi) girizmek we ýokarda agzalan resminamalaryň skanirlenen göçürmelerini ýüklemek bilen özüňizi resmileşdirmegiň mümkindigini bellemek gerek.

Ahal welaýatyndaky awtomobil mekdepleriniň salgylary we habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • Ak bugdaý etraby, Änew ş., Azatlyk köç., 28-nji jaý, telefon: 8-00-137-3-70-41;
  • Tejen etrap bölümi, Tejen ş., Häkimlik köç, 82-nji jaý, telefon: 8-00-35-4-85-80;
  • Bäherden etrap bölümi, Bäherden ş., S.Karanow köç., 2-nji jaý telefon: (+993 64) 95 51 81;
  • Sarahs etraby, Sarahs ş., Gurbansoltan eje köç, 10-njy jaý, telefon: (+993 65) 13 93 66;
  • Aşgabat ş., Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň Arkaç köçesiniň, 7-nji jaýy, telefon: (+993 65) 63 72 39;


Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň