Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda batbörekleriň festiwaly geçýär

18:1118.03.2025
0
14354
Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda batbörekleriň festiwaly geçýär
Surat: NHK World Japan

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda baharyň gelmeginiň ilkinji alamatlaryna we garyň eremeginiň hormatyna bagyşlanan batbörekleriň festiwaly badalga aldy. 130 töweregi adam geçen ýekşenbede Ýudzawa şäherinde batbörekleri halaýanlaryň ýerli jemgyýetiniň guramagyndaky çärä ýygnandylar diýip, «www3.nhk.or.jp» saýty ýazýar.

Ýagyş ýagýandygyna garamazdan, festiwala gatnaşyjylar öz elleri bilen ýasan, Ýudzawa şäheriniň ullakan gözli Managu ýylanyny şekillendirýän we samuraý esgerleriniň şekilleri beýan edilen reňkli Sugaru ýylanly batböreklerini ezberlik bilen göge uçurdylar.

Miýagu prefekturasyndan gelen erkek kişi asmanda egrem-bugram yz edýän ýylan şekilli batbörekleri synlanynda, täsin duýgyny başdan geçirýändigini gürrüň berýär. Festiwalyň geçişini fotosurata düşürýän daşary ýurtly myhman bolsa, ýylanlaryň bezeginiň ajaýypdygyny aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň