Top.Mail.Ru

Rumyniýanyň Energetika ministrligi: Türkmenistan Günorta gaz geçelgesini giňeltmekde möhüm orna eýe bolup biler

17:5718.03.2025
0
13518
Rumyniýanyň Energetika ministrligi: Türkmenistan Günorta gaz geçelgesini giňeltmekde möhüm orna eýe bolup biler
Surat: Trend.az

Türkmenistan Günorta gaz geçelgesini giňeltmekde möhüm orna eýe bolup biler. Bu barada Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň döwlet sekretary Pawel-Kasýan Nisulesku «Trend» agentligine beren interwýusynda aýtdy.

«Türkmenistan Günorta gaz geçelgesiniň we Wertikal gaz geçelgesiniň çäklerindäki taslamalara tebigy gaz bilen üpjün ediji hökmünde möhüm goşant goşup biler. Günorta gaz geçelgesiniň giňeldilmegi boýunça meýilnamalar strategik ähmiýete eýe. Sebäbi Balkan we Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlaryna tebigy gaz bilen täze üpjün edijiler gerek. Rumyn tarapy Günorta gaz geçelgesiniň giňeldilmegini doly goldaýar we bu maksada ýetmek üçin gyssagly çäreleriň hem-de anyk ädimleriň zerurdygyna ynanýar. Türkmenistanyň uly gaz gorlaryna eýedigini göz öňünde tutup, degişli ulag çözgüdi tapylan halatynda ýurt bu geçelgäniň giňeldilmeginde möhüm rol oýnap biler» diýip, Nisulesku belledi.

Nisuleskunyň aýtmagyna görä, Rumyniýa Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygy bilen bagly halkara dialoglarynda işjeň tarap hökmünde çykyş etmegine ýokary baha berýär.

«Türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazaryna çykarmaga mümkinçilik berjek alternatiw ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi uly gyzyklanma döredýär» diýip, döwlet sekretary belleýär.

Onuň sözlerine görä, Rumyniýa Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ösüşini we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini nazara alyp, Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

«Energetika hyzmatdaşlygy Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn dialogyň strategik bölegidir. Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmagy, geografik ýerleşişi we sebitdäki strategik energetika taslamalaryna gatnaşmagy arkaly Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň Ýewropa bazaryna çykmagy üçin uzak möhletli mümkinçilikleri hödürläp biler» diýip, Nisulesku belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň