Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ― ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda tekliplerini beýan etdi

15:4003.10.2022
0
19085
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ― ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda tekliplerini beýan etdi

«Şu günki duşuşyk hyzmatdaşlygyň depginini artdyrmaga, onuň täze ugurlaryny we mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýapon işewürleri bilen bolan duşuşykda birnäçe teklipleri beýan etdi. Bu barada şu gün «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Birinjiden, Türkmenistanda üpjünçilik ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasyny» täze, möhüm taslamalar bilen üstüni ýetirip, täzelemegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Bu resminama Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde gol çekmek üçin hödürlense, dogry bolar diýip pikir edýärin.

Ikinjiden, ýokary goşulan bahasy bolan önümleri Türkmenistandan eksport etmek üçin ýapon kompaniýalaryny çekmek meselesine seretmegi möhüm hasaplaýaryn.

Üçünjiden, maliýeleşdirmegi diwersifikasiýalaşdyrmak möhüm mesele bolup durýar. Bu ugurda biz maliýeleşdirmegiň bilelikdäki usulyny kämilleşdirmegiň üstünde işlemelidiris diýip pikir edýärin. Hususan-da, gürrüň alyjynyň we satyjynyň arasynda hasaplaşyklary — «eskrou hasaplaşygyny» howpsuz geçirmek üçin ýörite hasaby döretmek hakynda barýar. Mundan başga-da, biz taslamalary maliýeleşdirmegiň dürli görnüşlerini, şol sanda öndürilýän önümleri tölemek bilen taslama maliýeleşdirmesi, göni maýa goýumlar we beýlekiler ýaly görnüşlerini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýäris.

Dördünjiden, biz “ýaşyl” we wodorod energetikasy hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek babatda ýapon tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýäris.

Bäşinjiden, kiçi we orta ýapon kärhanalaryny Türkmenistanda işewürligi, degişlilikde, türkmen kärhanalaryny Ýaponiýada işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýärin diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň örän uludygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy öňe süren tekliplerini giňişleýin beýan etmek bilen, bu mümkinçilikleri doly möçberde ýerine ýetirmek üçin häzirki döwürde ähli şertleriň, ýolbaşçylaryň syýasy erk-isleginiň hem-de özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň gazanylan ýokary derejesiniň bardygyny aýratyn nygtady. Şeýle-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, işewürlik gatnaşyklaryny toplumlaýyn we uzak möhletleýin ýola goýmaga iki tarapyň islegleri ýeterlikdir. Bularyň ählisi hyzmatdaşlygyň esaslandyrylan hakyky meýilnamalaryny we maksatnamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň