Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentini German bitewüliginiň güni bilen gutlady

08:5303.10.2022
0
8180
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentini German bitewüliginiň güni bilen gutlady
Surat: ria.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere German bitewüliginiň güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen metbugatynda habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany gutlag hatynda: «Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip belläp, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýere tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Germaniýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň