Türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginde kabul edildi

16:3701.10.2022
0
20857
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginde kabul edildi
Surat: mofa.go.jp

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada saparda bolmagynyň çäklerinde, 30-njy sentýabrda bu ýurduň daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Resmi ýapon elektron neşirleriniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýoşikwa bilen gepleşikleri geçirdi.

Habar berlişi ýaly, ýapon tarapy türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesinde jaýlanyş çäresine gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de saparyň dowamynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary derejesi bilen gutlady.

Ýapon tarapy «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, bu ugurda Türkmen-ýapon parlamentara ligasynyň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine üns berilýändigini öňe sürdi.

Türkmen wekiliýeti, öz gezeginde, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Daşary işler ministrliginiň adyndan görnükli syýasatçy Sindzo Abeniň aradan çykmagyna ýene bir ýola gynanç bildirdi. Şeýle-de ýapon tarapyna Türkmenistanyň wekiliýetine hatyra çärelerine gatnaşmaga we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmege beren ýardamy üçin hoşallyk sözleri aýdyldy

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak meseleleri hem maslahatlaşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki jaýlanyş çäresine gatnaşdy, şeýle-de Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kisida Fumio bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň