Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

18:0428.09.2022
0
34659
Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Surat: goshennews.com

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada saparda bolýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki jaýlanyş çäresine gatnaşdy, şeýle-de şu gün Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kisida Fumio bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Premýer-ministr Kisida Fumio Gurbanguly Berdimuhamedowa hatyra çäresine gatnaşandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle-de Türkmenistanda merhum Sindzo Abe aýratyn horma-sarpa goýulýandygy üçin hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Şunda ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, hususan-da, iri zawodlary gurmakda alyp barýan işlerine ýokary baha berildi. Işewür gatnaşyklary ösdürmek, iki ýurduň hem hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, söhbetdeşligiň esasy sowallarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, öňki Premýer-ministr Sindzo Abeniň Türkmenistanyň iň ýakyn dostudygyny, onuň hormatynyň hemişe belent tutuljakdygyny belledi. Şeýle-de Sindzo Abeniň Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň hem ykdysadyýetine oňyn täsirini ýetirendigini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda dostluk we özara bähbitli strategik gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine umyt bildirip, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň ähli görnüşleri üçin açykdygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň parlamentara dostluk ligasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň