Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

21:3125.09.2022
0
37858

Şu gün ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş sapary bilen ugrady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş saparynyň maksatnamasy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada birnäçe duşuşyklary geçirer. Olaryň hatarynda bu ýurduň Premýer-ministri, Parlamentiniň wekilleri, käbir öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyklar bar.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada döwlet derejesinde geçiriljek matam çäresine gatnaşar.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu iş sapary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegine itergi berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň