Hökümetiň şu hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Aýlagda ýerleşýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurduň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde Ýakyn Gündogar sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, bu ugurda yzygiderli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, sentýabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berildi. Şol ýerde ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça birinji duşuşyga gatnaşdy. Türkmen tarapy energetika, ulag, logistika, maýa goýumlar we söwda ulgamlaryny özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Mundan başga-da, Er-Riýadda Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Dürli ulgamlarda bar bolan kuwwatly, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aýlag döwletleri bilen özara gatnaşyklar meselesi bilen baglylykda, şu ýylyň 13 — 17-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bahreýn Patyşalygyna iş saparynyň bolandygy bellenildi. Saparyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça nobatdaky geňeşmeler, Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwlet düzümleriniň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.