Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygynda maslahatçy kompaniýa kesgitlenildi

23:4530.09.2022
0
18144
Türkmenistanda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygynda maslahatçy kompaniýa kesgitlenildi

Wi­se-prem­ýer Ç.Purçekow Hökümet mejlisinde Döwlet Baştutanyna eko­lo­gik taý­dan aras­sa, yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li elektrik ener­gi­ýa­sy­ny al­mak üçin gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni giň­den ulan­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­byn­da kö­pu­gur­ly Gün we ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny gur­mak mak­sa­dy bi­len, Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bu ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy­nyň ama­la aşy­ry­ly­şy­na gö­zeg­çi­lik et­mek hyz­ma­ty­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin mas­la­hat­çy kom­pa­ni­ýa­ny saý­lap al­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik ge­çi­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ga­ra­ma­gy­na bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bo­lan kom­pa­ni­ýa bi­len mas­la­hat ber­mek hyz­mat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak ba­ra­da de­giş­li şert­na­ma­ny bag­laş­mak hakyn­da­ky tek­lip hö­dür­le­nil­di.

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni iş­jeň peýdalan­ma­gyň, il­kin­ji no­bat­da, ýur­du­my­zyň alys­da ýer­le­şen ilat­ly ýer­le­ri­ni, bar­ma­sy kyn bo­lan ýer­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa bi­len üp­jün et­mek üçin ulan­ma­gyň giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny hö­dür­le­nen tek­li­bi ma­kul­lap, «ýa­şyl» ener­gi­ýa­ny ulan­mak bo­ýun­ça tä­ze tas­la­ma­la­ryň örän ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň çeş­me­le­ri bi­len bag­ly yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li des­ga­la­ry gur­ma­gyň göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ry­nyň äh­li­si­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­me­gi­ne ýar­dam et­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy we wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň