Russiýanyň gazylyp alynýan nebit gorlarynyň möçberi 39 ýyla, gazy bolsa 62 ýyla ýeter. Bu barada ýurduň «Rosnedr» edarasynyň başlygy Ýewgeniý Petrow «Rossiýskaýa gazeta» neşirine beren beýanatynda gürrüň berdi.
«Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, biziň tehnologiki gazyp alynýan nebit gorlarymyz 39 ýyla ýeter» diýip, Petrow belledi. Ol 2021-nji ýylyň aýagyndaky nyrhlaryň derejesinde satyp boljak nebitiň 33 ýyla ýetjekdigini aýdyňlaşdyrdy. «Rosnedr» edarasynyň ýolbaşçysy tebigy gazyň gorlarynyň bolsa 62 ýyla ýetjekdigini aýtdy.