Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Polşanyň Prezidentini gutlady

08:0929.09.2022
0
24948
Serdar Berdimuhamedow Polşanyň Prezidentini gutlady
Surat: ria.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de özara gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anjeý Duda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Polşa Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň