Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

10:0927.09.2022
0
27914

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleri kabul etdi. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, myhman bildirilen myhmansöýerlik, mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlady we türkmen halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Şeýle-de ol Türkmenistana gelip görýändigine örän şatdygyny nygtady.

Duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň gyzyklanma bildirýän edaralarynyň Türkmenistanda metallurgiýa we maşyngurluşyk zawodlarynyň taslamalaryny işläp düzmek we gurmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmen tarapynyň nebit we gaz çykarýan senagatynyň, dokma pudagynyň önümlerini, türkmen halylaryny, oba hojalyk harytlaryny ibermäge taýýardygy nygtaldy. Däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeni, sport, ylym-bilim ulgamlarynda, şeýle hem durmuş ugurly taslamalaryň çäklerinde giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň «Ural» horeografiýa toparynyň türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirilen konsertiniň medeni ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň