Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Sankt-Peterburg ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi meýilleşdirýärler

20:0726.09.2022
0
31356
Türkmenistan we Sankt-Peterburg ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi meýilleşdirýärler
Surat: gov.spb.ru

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistana iş saparynyň çäginde ýurduň Hökümetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Saparyň dowamynda Aleksandr Beglow türkmen tarapynyň syýasatçylary bilen hyzmatdaşlygyň täze geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Aleksandr Beglow Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar söwda, ykdysady we ynsanperwerlik ugurlarynda sebitleriň özara gatnaşygyny ösdürmek barada ylalaşyga geldiler.

— Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen energiýa, bilim babatdaky hyzmatdaşlygy döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem söwda, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär — diýip Aleksandr Beglow belledi.

Gubernatoryň pikiriçe, gämi gurluşygy, medeni alyş-çalyş we bilim pudaklary sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna öwrülip biler.

— Sankt-Peterburgda ýaşaýan türkmen ýaşlarynyň milli däp-dessurlaryny ýatdan çykarmazlygy möhümdir. Türkmen talyplary uniwersitetleriň guraýan medeni çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar. Şu ýylyň 22-nji aprelinde Smolnydaky ýaş watandaşlaryňyzyň iň gowularyny minnetdarlyk we ýatdan çykmajak sowgatlar bilen sylagladyk — diýip, gubernator belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň