«Aýbölek» mebel kärhanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli hünär duşuşygyny geçirdi

17:2326.09.2022
0
21393

Aşgabatda ýerleşýän «Aýbölek» mebel kärhanasynda her ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli hünär duşuşygy geçirilýär. Bu ýylda hem kärhananyň hünärmenleriniň özara baýramçylyk ýygnagy guraldy.

«Aýbölek» mebel önümçilik kärhanasynyň işgärleri Türkmenistanyň raýatlaryny ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlap, ýurduň her bir ýaşaýjysyna parahatçylyk, abadançylyk we işlerinde üstünlik arzuw edýärler.

Her bir döwlet üçin ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmak uly bir waka bolup, öz ýurduňa, ene topragyňa buýsanmaga esasdyr. Geçen üç onýyllygyň dowamynda Türkmenistan döwletliligiň ösüşinde özgertme ýollaryny geçdi, syýasy we ykdysady durnuklylyk üçin berk binýadyny goýdy. Birnäçe ýyl bäri raýatlaryň döredijilik işi we Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleri bilen ýurduň sosial-ykdysady ösüşine gönükdirilen esasy maksatnamalar durmuşa geçirildi. Bu işler häzirki wagtda hem mynasyp dowam etdirilýär.

«Aýbölek» kärhanasynyň Türkmenistanda mebel pudagynyň esasy wekillerinden biridigini bellemelidiris. Kärhananyň önümleri geçirilýän sergilerde yzygiderli görkezilýär, olaryň hili köp sanly halkara baýraklary bilen sylaglanýar.

Bu ýylda bolsa kärhana halkara bazaryna çykdy. Bu babatda Özbegistanyň we Gazagystanyň mekdebe çenli hem-de mekdep edaralary ýakyn wagtda türkmen kärhanasynyň mebel toplumlary bilen üpjün ediler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň