«Aýbölek» mebel fabrigi köp sanly türkmen kärhanalary bilen birlikide, 20-21-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gazananlarynyň nobatdaky sergisine gatnaşar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we senagatynyň gazananlarynyň gözden geçirilişinde mebel önümçiliginde öňdebaryjy kärhanalaryň biri öz täze önümlerini tanyşdyrmaga, şeýle hem eksport mümkinçiligini durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini şöhlelendirmäge taýýardyr. «Aýbölegiň» önümleri diňe bir Türkmenistända meşhur bolman, eýsem, daşary ýurtly sarp edijileriň hem ünsüni çekýär – Özbegistanyň we Gazagystanyň okuw edaralaryna mekdep partalaryny, oturgyçlaryny, synp tagtalaryny we beýleki enjamlary ibermek boýunça şertnamalar baglaşyldy.
Öňde boljak sergä hususy pudagyň wekilleri bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň döwlete dahylly pudaklarynyň, şeýle-de bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Şeýle-de okaň: