Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan Serdar Berdimuhamedowy gutlady

22:1625.09.2022
0
15811

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny ýollady. Türk Lideri iberen hatynda Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Ýurduny gülläp ösýän hem-de sebitde we dünýäde abraýly döwlet hökmünde berkarar etmek boýunça dost-doganlyk Türkmenistanyň alyp barýan gadamlaryny ruhubelentlik bilen kabul edýäris. Bizi Türkmenistan bilen taryhy we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Her pudakda Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklarymyzy ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardygymyzy ýene bir gezek nygtamagy ýerlikli hasaplaýaryn. Bu bolsa ikitaraplaýyn we sebit derejelerinde howpsuzlyga, durnuklylyga hem-de abadançylyga goşant goşar» diýip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti öz hatynda belleýär.

Rejep Taýyp Ärdogan ýollan hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň