Arhiw

Türkmenistanly estafetaçylar 4х400 metr aralykda hem kümüş medal eýelediler

21:3625.09.2022
0
23183

Türkmenistanyň 4х400 metr aralyga estafetalaýyn ylgamak boýunça erkekler ýygyndysy Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Türkmen türgenleri bellenen aralygy 3 minut 19,92 sekuntda geçdiler.

Altyn medaly bellenen aralygy 3 minut 19,61 sekuntda geçen ýer eýeleri eýelediler. Täjigistanly türgenler bolsa aralygy 3 minut 20,42 sekuntda geçdiler.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 4×100 metr aralyga geçirilen estafeta ýaryşynda hem kümüş medal eýeläpdiler. Ol bu aralygy 42,70 sekuntda geçdiler.

Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatyna Samarkant şäherinde 24-nji sentýabrda badalga berildi. Onuň çäklerinde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Şäher bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistana dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgen ýygnandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň