Soňky habarlar

Arhiw

Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

08:0522.09.2022
0
19766

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi, kosmonawt-synagçy, «Roskosmos» korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hat ýollap, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlady. Gutlag «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Onda şeýle setirler bar:

— Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siz döwlet Baştutany wezipesinde gysga wagtyň içinde öňdengörüji hem-de tutanýerli, Türkmenistanyň halkyny ähli ulgamlarda täze belentliklere we üstünliklere tarap alyp gitmek ýaly taryhy wezipäni anyk bilýän Lider hökmünde özüňizi görkezdiňiz. Siziň halkara duşuşyklaryňyz, öňe sürýän täze başlangyçlaryňyz hem-de teklipleriňiz dünýä derejesinde parahatçylyk dörediji merkezleriň biri, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, adalatlylygyň berkarar edilmegine ägirt uly goşant goşýan Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilen işleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr.

Siziň baştutanlygyňyzda dogduk Watanym Türkmenistanyň, türkmen halkynyň ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap döredijilikli ýoluny dowam etdirjekdigine, kuwwatly ykdysadyýete hem-de ygtybarly durmuş ulgamyna, häzirki zaman ylmyna, ýokary medeniýete, bilime eýe bolan has okgunly ösýän ýurtlaryň hataryna goşuljakdygyna ynanýaryn. Häzirki we geljekki üstünlikleri Siziň ýadawsyz döwlet we halkara işleriňiz bilen doly baglanyşdyrýaryn.

Size, Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, abadançylyk, şatlykly pursatlary hem-de üstünlikleri, watandaşlarym bolan türkmenistanlylara bolsa asuda asmany, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda täze üstünlikleri arzuw edýärin. Siziň bilen duşuşjakdygyma umyt edýärin hem-de sahawatly Watanyma ýene-de baryp görmäge şatdyryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň