Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, täze satyn alnan «Toyota Сorolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si ýurda getirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça satyn alnan bu döwrebap awtoulaglar «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkynyň üstüni ýetirdi. Täze ýeňil taksi awtoulaglary dünýä ülňülerine — howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär.
Olarda GPS ulgamynyň abzallary oturdylan. Şol abzallaryň kömegi bilen, islendik wagtda awtoulag serişdesiniň nirededigini kesgitläp, şeýle-de ulagyň tizlik derejesine gözegçilik edip bolýar.
Türkmenistanda awtoulag hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, dürli kysymly ýokary amatlykly awtoulag serişdelerini satyn almak babatda dünýä belli kompaniýalar bilen birnäçe şertnama baglaşyldy. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän köpugurly ulag ulgamynyň döredilmegi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.