Soňky habarlar

Arhiw

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Balkan welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar

09:0319.09.2022
0
15254
Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Balkan welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar

Balkan welaýatynyň awtomobil mekdepleri ähli isleg bildirýänleri awtoulaglary dolandyrmak boýunça okuwlara çagyrýar. Awtomobil mekdepleriniň esasy maksady öz müşderilerine awtoulagy, edil şonuň ýaly hem beýleki ulag serişdelerini dogry we howpsuz dolandyrmagy; ýolda adaty bolmadyk ýagdaýlardan baş alyp çykmagy öwretmekden ybaratdyr.

Sürüjilige dalaşgärler üçin aşakdaky hyzmatlar hödürlenýär:

  • döwrebap tehniki serişdeleriň kömegi bilen ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek
  • 2-den 3 aýa çenli dowam edýän gysga möhletli okuwlar
  • sapaklaryň amatly tertibi
  • dürli derejeli sürüjileriň taýýarlygy
  • hünärine ussat instuktorlar
  • bank karty arkaly tapgyrlaýyn töleg mümkinçiligi

Sürüjilik okuwlaryna kabul edilmek üçin gerek bolan resminamalar: raýatlyk pasportynyň göçürmesi we hakykysy, lukmançylyk kepilnamasy (forma № 083), narkologdan we psihologdan saglyk hakynda kepilnama, 3x4 ölçegdäki üç sany fotosurat

Birleşigiň awtomekdep.edu.tm resmi saýtyna girmek arkaly ýörite sahypada ýerleşdirilen zolaga öz şahsy maglumatlaryňyzy (F.A.A. ady, ýaşaýan salgysy, telefon belgisi) girizmek we ýokarda agzalan resminamalaryň skanirlenen göçürmelerini ýüklemek arkaly özüňizi resmileşdirmek bilen, okuwlara uzak aralykdan ýazylmak boýunça täze hyzmatyň elýeterli bolandygyny bellemek gerek.

Balkan welaýatyndaky awtomobil mekdepleriniň salgylary we habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Balkan welaýaty, Balkanabat ş. (şahamçasy), Beýik Ýüpek ýoly köç., telefon: (+993 222) 6 47 67; (+993 222) 6 08 98;
  • Türkmenbaşy etraby, Türkmenbaşy ş. (şahamçasy), Aýtakow köç, 42-nji jaý, telefon: (+993 65) 16 52 93;
  • Gumdag şäheriniň şahamçasy, Gumdag ş. (şahamçasy), Taýly şahyr (A.U.Ö.B), telefon: (+993 65) 88 71 72;
  • Magtymguly etraby, Magtymguly ş. (şahamçasy), Durdyhan ýanyk köç, 12-nji jaý, telefon: (+993 248) 4 02 74; (+993 65) 39 83 97;
  • Etrek etraby, Etrek ş. (şahamçasy), Baýathajy köç, 16-njy jaý, telefon: (+993 65) 17 65 30;
  • Serdar etraby, Serdar ş. (şahamçasy), Gök Abaýew-1, telefon: (+993 246) 5 49 50; (+993 63) 09 02 02.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň