Soňky habarlar

Arhiw

Wepa Jumaýew «Lokomotiwiň» düzüminde şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi

23:5417.09.2022
0
14746

Gomel şäheriniň «Lokomotiw» futbol toparynyň türkmenistanly wekili Wepa Jumaýew şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi. Jumaýewiň topary Belarusyň Birinji ligasynyň 19-njy tapgyrynda «Wolna» bilen myhmançylykda deňme-deň oýnady.

Esasy düzümde meýdana çykan Wepa Jumaýew duşuşygyň 50-nji minudynda tapawutlandy. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

«Lokomotiw» 26 utuk bilen ýaryş tertibinde ýedinji orunda barýar.

Wepa Jumaýew «Lokomotiwiň» düzüminde Birinji liganyň şu möwsüminde 15 duşuşyga gatnaşdy. Geçen möwsümde ol 33 duşuşykda 2653 minutlap meýdanda galypdy. Şol duşuşyklarda ol bir gezek tapawutlanyp, 2 goluň assistini berdi. Wepa Jumaýewiň topary geçen möwsümi altynjy orunda tamamlady. Türkmenistanly ýarym goragçy mundan ozal Aşgabadyň «Köpetdag» we Rogaçýowyň «Dnepr» toparlarynda futbol oýnapdy.

Wepa Jumaýew häzirki wagtda Gomeliň Döwlet tehniki uniwersitetinde bilim alýar.

Ol şu ýylyň aprel aýynda Aziýanyň kubogynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň düzümine hem çagyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň