Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

21:4317.09.2022
0
15865
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ulgamlarda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, netijeliligini ýokarlandyrmak, öňde meýilleşdirilýän çäreleri, şeýle-de Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek bilen baglylykda, wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli Parlamentiň palatalary tarapyndan alnyp barylýan işler, şeýle-de Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çäreleri, Türkmenistanyň dabaraly maslahatyny ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdiler. Döwlet Baştutany milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň dabaraly maslahatyna hem-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek beýleki çärelere görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Wise-premýer A.Ýazmyradow gözegçilik edýän obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, şol sanda häzirki wagtda ýurtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, hasabatynyň çäklerinde ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk at çapyşyklaryna görülýän taýýarlyk barada-da aýtdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, şeýle-de Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçiriljek baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Atdaýew Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady ösüşiniň gazananlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanynyň garamagyna serginiň işiniň meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň