Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gana Respublikasynyň Prezidentini gutlady

10:1417.09.2022
0
25220
Serdar Berdimuhamedow Gana Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar taryhda şu gün — 1992-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda ýola goýuldy. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gana Respublikasynyň Prezidenti Nana Akufo-Addo hem-de ýurduň ähli halkyna gutlag hatyny iberdi. Şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow öz hatynda Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan edýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nana Akufo-Addo tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Gana Respublikasynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň