Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze söwda merkezi açyldy

13:4716.09.2022
0
49758

16-njy sentýabrda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan täze «Güneşli» söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Bu söwda merkeziniň gurluşygyna 2019-njy ýylyň tomsunda badalga berlip, ol 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berildi. Söwda merkeziniň umumy meýdany 5 160 inedördül metre barabar bolup, ol merkezi binada ýerleşýän uly supermarketi, azyk we senagat önümleriniň iki dükanyny we gurluşyk harytlary dükanyny öz içine alýar. Şeýle-de söwda merkeziniň çäginde ýerli ilaty täze çörek önümleri bilen üpjün etmek üçin niýetlenen çörek bişirýän kärhana hem bar.

Mundan başga-da «Güneşli» söwda merkeziniň binasynda aragatnaşyk hyzmatlary üçin TM CELL öýjükli töleg terminallary, ýangyn söndüriji, howalandyrma we sowadyjy ulgamlar göz öňünde tutulypdyr. Binada ýerleşýän Transformator-generator gurnamasy «Güneşli» söwda merkeziniň dükanlaryny we ammarlaryny üznüksiz elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.

Ýeri gelende bellesek, «Güneşli» söwda merkezi her gün sagat 8:00-dan 22:00-a çenli müşderilere hyzmat edýär. Söwda merkeziniň binasy Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň