Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow «kärizek» üzüminiň hasylyny ýygnamaga badalga berdi

22:3010.09.2022
0
29006

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Soňra bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirip, merkeziň golaýynda ýerleşýän, harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk we üzümçilik meýdanyna baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Üzüm ösdürilip ýetişdirilýän ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň başlygy Ç.Amanow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, üzümiň täze hasylyny ýygnamaklyga taýýarlygyň derejesi barada hasabat berdi. Şeýle-de ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýere gelende «kärizek» diýip at goýan täze görnüşli üzüminiň ýetişen hasylyny ýygnamaga badalga bermegini döwlet Baştutanyndan haýyş etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow zähmet siňdirilip ýetişdirilen üzümiň täze hasylyndan ýygyp, onuň köpçülikleýin ýygnalmagyna ak pata berdi.

Bu ýerde döwlet Baştutanyna müdirligiň üzümçilik meýdanlarynda ýetişdirilýän üzümleriň görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde «kärizek», «Şa serpaý», «taýpy», «rowaç», «türkmen içkimar», «sary kişmiş», «sary däne», «garrygala», «ak däne», «gyzyl üzüm» ýaly, üzümiň jemi 10 görnüşi ýetişdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligine degişli ekerançylyk meýdanlarynyň hem çäginiň giňeldilmeginiň we ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň görnüşleridir möçberleriniň artdyrylmagynyň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň