Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy bütindünýä reýtinginiň 66-njy ornunda

12:0010.09.2022
0
25538

Halkara dzýudo federasiýasy resmi saýtynda dünýäniň täzelenen reýtingini paýlaşdy. Sanawda Türkmenistanyň ýygyndysyna hem orun berilýär.

Erkekleriň arasynda iň güýçli türkmenistanly dzýudoçy Hakberdi Jumaýew boldy. 455 utuk gazanyp bilen türgen 60 kilograma çenli agram derejesinde dünýä reýtinginiň 75-nji ornunda görkezilýär. Zenanlaryň, şol sanda ähli türkmenistanly türgenleriň arasynda iň ýokary orun bolsa Zülhumar Daşgynowa degişlidir. 63 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlara wekilçilik edýän 379 utukly türgenimize 70-nji basgançakdan orun berildi.

3516 utukly Türkmenistanyň ýygyndysy umumy sanawda 66-njy orny eýeleýär. Türkmen dzýudoçylary BAE-den bir basgançak ýokarda, Çernogoriýadan bolsa bir basgançak aşakda ýerleşýär. Sanawda 172 döwlet görkezilýär. Ilkinji üç orun Ýaponiýa, Russiýa we Fransiýa degişli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň