Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

21:4109.09.2022
0
16973
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabatlary berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, öňde durýan möhüm wezipeler bilen baglylykda, wise-premýerlere hem-de Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Milli Geňeşiň palatalary tarapyndan şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdiler.

Mejlisiň dowamynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly guramaçylyk meselelerine-de seredildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň